Ol surata düşürmegiň ussadydy

18 Dekabr 2024
87

Ussat fotosuratçylar hakynda söz açylsa, Sapargeldi Rozyýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Men ussat fotosuratçy Sapargeldi aga bilen ýakyndan tanyş bolup, onuň adamkärçiliginiň belentdigine, işine jany-teni bilen berlendigine, durmuşyň täsin pursatlaryny ussatlyk bilen surata düşürip bilýändigine anyk göz ýetirdim. Ýeri gelende aýtsam, men şol wagtlar Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýardym. Türkmen dili we edebiýaty dersinden bizi Sapargeldi mugallym okadýardy.

Sapargeldi aganyň iş otagynda dürli döwürlerde düşürilen suratlaryň ençemesi diwarda asylgy durardy. Suratlar biri-birinden täsirli bolansoň, suratçy olaryň iň täsirlilerini, naýbaşylaryny saýlap asyp goýan bolmaly diýen pikir kalbyňda peýda bolýar. Suratlaryň birinde döşi gapak ýaly pälwanyň billeşen garşydaşynyň arkasyny ýere degrip barýan pursady suratlandyrylýan bolsa, ýene bir suratda Pendi çölünde gül-gülälege meňzäp duran gözelleriň nagma kakyp oturan mahaly olaryň ýokarsynda owaza maýyl bolup gaýmalaşýan guşlar görünýär.