Sanly ulgam — döwrebap ösüş

17 Dekabr 2024
87

Ajaýyp ösüşlere beslenýän ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgam ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky tagallalar statistika ulgamynyň işinde hem öz beýanyny tapýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumuzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, döwlet statistika hyzmatlarynda, döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňüne tutulýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti telekeçilere we ýuridiki şahslara statistiki hasabatlaryny elektron görnüşde tabşyrmaga mümkinçilik berýän «E-Stathasabat we işewür-registri» atly täze sanly platformasyny işe girizdi. Bu platforma Türkmenistanda statistiki maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň usulyny özgertmäge niýetlenilip, onuň üsti bilen ulanyjylar «Şahsy otagy» döretmek arkaly statistika edaralaryna barmazdan özleriniň resminamalaryny ugradyp bilýärler. Ýalňyşlyk bar bolanda, ulgam awtomatik ýagdaýda habarnama ugradyp, düzedişleri çalt girizmäge mümkinçilik berýär. Platforma täze ulanyjylar üçin ýazgy we wideo düşündirişli tehniki goldaw merkezini özünde jemläp, täze kärhanalary hasaba almak hem-de tölegleri geçirmek üçin gurallary hödürleýär. Resminamalaryň kagyz görnüşini aradan aýyrmak maksady bilen, bu ulgam hasabatlary tabşyrmak işlerini amatly edýär hem-de maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Jennet DÖWLETSÄHEDOWA,
Ahal welaýatynyň Statistika müdirliginiň Jemleýji we maglumatlar bölüminiň başlygy.