«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyl halkymyza egsilmez bagt, rysgal-bereket eçilip, köňüllerde ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göteren bu ýyl ata Watanymyza şan-şöhrat, abraý-mertebe getirdi. «Wagt bir ganatly guş» diýleni. 2024-nji ýyla gadam basanymyz ýaňy ýalydy, eýýäm uly rowaçlyklara besläp, şöhratly ýyly taryhyň gatyna ugratmagymyza az wagt galdy. Bu ýylda durmuşa geçirilen döwletli başlangyçlar il-günümize egsilmez şatlyk paýlady.
Biz hem «Zenan kalby» žurnalynyň şu sanynda 2024-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Permandyr Kararlary esasynda hormatly ada, şeýle-de Şa serpaýlaryna mynasyp bolan zenanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.