Bagtdan serpaýly ýaşlar

11 Dekabr 2024
289

Peder pentlerinde eger uzak geljegi nazarlaýan ösüşleri maksat edinýän bolsaň onda giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmelidigi barada aýdylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky üstünlikleriniň rowaçlyklarydyr.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda ýetilýän belent sepgitleri halkymyza wagyz etmekde ýaşlaryň möhüm orny eýeleýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».