Akly dana bolsun, özi türkana

11 Dekabr 2024
176

Akyldar şahyrymyzyň edebi bilen eziz görülýän, haýasy bilen sarpalanýan gelin-gyzlarymyz baradaky ajaýyp goşgularynyň birini okap oturyşyma şu setiriň üstünden baranymda diňe şonuň özünde gatlanan manynyň näderejede çuňdugyna, gözeldigine haýran galyp, esli salym pikirlenip oturdym. Şahyryň tüýs biziň gelin-gyzlarymyzyň naýbaşy, gözel gylyk-häsiýetleriniň ählisini özünde jemleýän bu setirini sözümiziň başy — sözbaşy edinmegi mertebe bilip, dana şahyrymyzyň bu dogaýy arzuw-dilegleriniň her birimiziň kalbymyzda şineläp, gül ömrümize ýaraşyk bermegini, akyly dana, paýhasy dürdäne, sadadan türkana husny zyba senemleriň öýlerimiziň törüne gelşik berip, dünýämizi bezemeginiň arzuwlarynda gulaçlaýarys. Ynsan arzuwlarynyň çägi barmy? «Ogul, ogul» diýip, ogla ýeter, soň bir günem gyzjagaz, diýer, ýene-de bir gün taýjagaz, diýer. Garaz, saglyk bilen dogup ýaşýan gün-aýymyz olary «Hä» diýmänkäler çagalaryny gözli-başly, öýli-işikli etmek baradaky süýji aladalar bilen sepläp goýberer. Ana, onsoň ogly ýetişenler gowuja gyzyň arzuwynda, «ýitigimizi gözläp geldik» diýip gapysy kakylanlaram gyzlarynyň ýeriniň duşmagynyň arzuwynda bolarlar.

«Ynsan soraşa-soraşa» diýleni. Garyndaşlyk açjak bolýan maşgalasyny sorap, idäp, göwnejaýladym hasap edensoňam, türkmen aga inçejik ünji-aladalar hiç ýazylganlyk berenok. Eýsem näme, durmuş ýollarynda nähili öwrümleriň garaşýandygyny öňünden bilip bolanok. Esasanam, gyz çaganyň nesibesiniň nirä, nähili ýere çekjekdigi belli däl. Gyz diýeniň aýdyşlary ýaly, edil seç pişme ýaly-da, goşawujyňy dolduryp, sowrup goýbereňde haýsynyň nirä, nähili adamlara düşjekdigini bileňok-da... Garaz, ulugyzlaryň öňünde ullakan bir nämälimlik keserip ýatyr. Hawa, pişmeleriň hersi bir ýere düşýär. Ony gapýanlaryň bolsa hersi dürli-dürli adamlar. Biri alyp maňlaýyna sylýar. Toý pişmesinden paýly bolup bilmedikleriň toýdan gynanyp gaýdýanlary-da bar.

Jahan ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».