Täze ýylyň keýpiçaglygyny nähili döretmeli?

11 Dekabr 2024
267

Täze ýylyň bosagasynda täze bir zada başlamazdan ozal, köne we ýaramaz pikirlerden saplanmaly. Işden boş günüňiz öý-içeriňizi arassalamaly, egin-eşik goýulýan şkaflary, kitap tekjelerini tertipleşdirmeli. Şol bir wagtyň özünde, ulanmaýan zatlaryňyzy, çaga oýnawaçlaryny gerek adama bermeli. Oýunjaklary çagalara, kitaplaryňyzy bolsa okamagy halaýanlara sowgat edip bilersiňiz.

Täze ýyl arçasy, elbetde, Täze ýyl baýramçylygyny bezeýän esasy gözellikleriň biri. Täze ýyl arçasyny maşgala bolup bezemekligiň özi hem şadyýanlyk eçilýär. Arçany bezeýän wagtyň göwnüň göterilip, keýpiň çaglanýar. Bir ýylyň içinde bolup geçen gaýgy-aladany unudýarsyň. Şol pursatdaky çagalaryň şatlygyny hiç zada deňäp bolmaýar.

Owadan ALLAÝAROWA,
«Zenan kalby».