Täze ýyl süýjülikleri

11 Dekabr 2024
252

Dürli süýjülikler bilen bezelen desterhanlar, bal tagamly tortlar, ýakymly ysly kökeler Täze ýyl saçagynyň esasy aýratynlygy hasaplanýar. Süýjülik tortlary dostlugyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde durmuşymyzy ýakymly ýatlamalara besläp, islendik pursatda keýpiňi göterýär. Süýjüje tortlar çagalaryň hem ulularyň söýýän tagamlarynyň biri. Doglan günlerimizi, ýatdan çykmajak pursatlarymyzy, şeýle-de baýramçylyk agşamlaryny tortsuz göz öňüne getirmek kyn.

Tortuň peýda bolan takyk senesi belli däl. Taryhy çeşmelere salgylanyp, ilkinji süýjülikleriň, takmynan, iki müň ýyl mundan ozal, Italiýada peýda bolandygy barada aýdylýar. Tort diýmek italýan sözi bolup, «torta», ýagny «tegelek çörek» diýmekligi aňladýar.

Owadan ALLAÝAROWA,
«Zenan kalby».