Şähergurluşyk maksatnamasynyň ajaýyp nusgasy

27 Noýabr 2024
177

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi.

«Esger».
Beýleki habarlar