Hoş geldiň Täze ýyl, Arkadagly Diýara!

1 Ýanwar 2021
1766

Bagtyýar türkmen halky täze taryhy döwrüniň ýene-de bir şöhratly ýyly bilen hoşlaşdy. Tamamlanan, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny milli ykdysadyýetiň we durmuşyň ähli ugurlary boýunça guwandyryjy netijelere beslän welaýatymyzyň bagtyýar ilaty Täze ýyly ýagşy arzuw-umytlar bilen garşy aldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze ýylyň garşylanyş dabaralary bolsa, egsilmez ruhubelentlige beslendi.

DÜÝN agşamara Täze, 2021-nji ýyly garşylamak mynasybetli welaýat derejesindäki esasy dabara Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu taryhy künjekde welaýatymyzyň Baş arçasy ýerleşýär.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.