Bedenterbiýe we sport

2 Noýabr 2024
301

Bu gün eziz Diýarymyzda ýaş nesli sporta giňden höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen köpçülikleýin duşuşyklar geçirilýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketine berilýän üns, döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda bu ugurda döredilen mümkinçilikler, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada täsirli söhbet edilýär. Ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny ýaýbaňlandyrmaga goşant goşmagyň belent maksatlardan gözbaş alýandygy, sporty hemra edinen adama eşretli durmuşyň hemradygy şol çärelerdäki çykyşlaryň özenini düzýär. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagy we türkmen sportunyň has-da ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly

Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan edýärler.