Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen halk teatrlarynyň arasyndaky «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň 12-13-nji sentýabrda geçirilen jemleýji döwlet tapgyry hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Halk teatrlarynyň döredijilik bäsleşiginiň maksady «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dana şahyryň manyly ömür ýoluny we umumadamzat ähmiýetli döredijilik mirasyny sahna sungatynyň üsti bilen wagyz etmekden ybaratdyr. Oňa hödürlenen eserlerden görnüşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynda akyldaryň döredijilik dünýäsi barada ýazan parasatly jümleleri täze sahna eserleriniň hamyrmaýasy bolup hyzmat edýär.