Täze tehnologiýalar — täze menziller

5 Sentýabr 2024
53

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary, durmuşa geçirýän özgertmeleri netijesinde halkymyzyň ykbaly gül açýar, ýurdumyzyň çar künjegi, oba-kentlerimiz, şäherlerimiz gözellige beslenýär. Ykballaryň bagtyýarlyga eýe bolmagyna niýetlenen ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli binalaryň sany günsaýyn artýar. Şeýle dabaralar gözel Diýarymyzyň çar künjeginde, ýylyň tutuş dowamynda bolup dur. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy toýlanylýan altyn güýzüň ilkinji gününde ak şäherimiz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen binalar diňe bir paýtagtymyza däl, eýsem, halkymyzyň kalbyna görkanalyk bagyş etdi.

Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli halkymyza täze-täze bilim ojaklarynyň binalarynyň sowgat edilmegi indi däbe öwrüldi. Paýtagtymyzyň gözel ýerinde 2022-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli binalar toplumynyň altyn güýzüň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi her birimizi buýsandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyndaky: «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» kabul etmek bilen, biz 2024-2025-nji täze okuw ýylyndan iň gowy dünýä tejribesinden we bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan ugur alýan bilim özgertmelerimiziň täze tapgyryna badalga berdik» diýen sözleriniň durmuş beýany boldy. Sebäbi açylyş dabarasyna teleýaýlym arkaly tomaşa edeniňde, bu täze bilim ojagynda okuwlaryň iň täze tehnologiýalardan peýdalanylyp geçiljekdigine göz ýetirýärsiň.

Şemşat GELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.