Döwür we zenanlar guramasy

4 Sentýabr 2024
91

Işjeňligiň döwrebap nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň zenanlary döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, taryhy ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýle bolmagynda ýerlerdäki zenanlar guramalarynyň ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hem ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup durýar. Guramanyň häzirki wagtda 946 agzasy bolup, olaryň 894-si talyp gyz-gelinler, 31-si zenan mugallymlar, 21-si zenan işgärlerdir.

Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.