Hepdäniň habarlary

4 Sentýabr 2024
101

Duşuşyk geçirildi

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmek maksady bilen, golaýda «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny!» atly şygar bilen duşuşyk geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gurluşyk we senagat pudagyna degişli şäher guramalarynda hem-de medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda uzak ýyllaryň dowamynda abraý bilen zähmet çekýän halypalar hem-de ýaş hünärmenler gatnaşdylar.