Täze eýýamyň ajaýyp ösüşleri

4 Sentýabr 2024
41

Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki zamanasynda oba hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmek, ony düýpli özgertmek we iň bir düşewüntli pudaga öwürmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär, oba zähmetkeşlerine döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, ýerden bol hasyl öndürip, ýokary netijeleri gazanyp, owadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmekde we ýokary depginlerde ösdürmekde tutumly işler guramaçylykly amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket baýlygynyň eýesi bolmagy üçin amatly şertler döredilýär.