Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna

4 Sentýabr 2024
54

Garaşsyzlyk — halkyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän döwlet Baştutanymyzyň il-ulus baradaky tutumly tagallalarynyň miwesidir. Ösüşli Diýarymyzyň abraý-mertebesi dünýä derejesinde belende göterilip, hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary halkara derejesinde gyzgyn goldaw tapýar.