Belent mertebäniň ýaňy

4 Sentýabr 2024
48

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalaryň şaýady bolmak il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar.

2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şygary Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy bolup ýaňlanýar. Bu gün gadymy türkmen topragynda Magtymguly atamyzyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi dünýä tanaýar. Il-günümiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar.