Galkynyşly döwrüň ýalkymly günleri

4 Sentýabr 2024
94

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna özboluşly many-mazmun çaýýar. Geçen hepdäniň dowamynda bolan taryhy wakalar eziz Diýarymyzyň günsaýyn öňe barýandygyny äşgär etdi.

Hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgininiň saklanandygy aýratyn bellenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz degişli ugurlar boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir.

«Daşoguz habarlary».