Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir

4 Sentýabr 2024
55

Dil ynsana özüniň oý-pikirlerini, gören, eşiden zatlaryna bolan garaýşyny, hatda näzik duýgularyny beýan etmäge-de mümkinçilik berýär. Mundan müňlerçe ýyl ozal üm-yşarat arkaly düşünişmekden söz diline geçilipdir. Halkymyzyň öz taryhy bolşy ýaly, ene dilimiziň-de köp asyrlyk baý taryhy bar. Ol iň gadymy türki dilleriň biri hasaplanylýar. Türkmen dili özüniň zatlary atlandyrmak, olar hakdaky aň-düşünjäni beýan etmek, başgalar bilen pikir alyşmak, durmuşdaky nogsanlyklary sözüň kömegi bilen düzetmek, adamzat gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny geljekki nesillere ýetirmek ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryny iki görnüşde — sözleýiş dili hem-de ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär. Halkymyz öz ene diliniň milli özboluşlylygyny saklap gelipdir. Sözlük düzüminiň baýdygy, grammatik gurluşynyň kämildigi, labyzlylygy, täsirliligi jähetdenem ol hiç bir dilden kem däl.

1990-njy ýylyň 24-nji maýynda «Dil hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr» diýýär. Kämilligiň bolsa çägi ýok. Garaşsyzlyk halkymyza diňe syýasy garaşsyzlygy däl, dil garaşsyzlygyny hem berdi. Ene dilimiziň jemgyýetçilik hyzmaty has giňeldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ol döwleti edara etmegiň, ylym-bilimiň, çeper edebiýatyň, metbugatyň, radio-telewideniýäniň dili hökmünde täze türkmen jemgyýetiniň öňündäki beýik borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär. Döwür ene dilimiziň jemgyýetçilik hyzmatyny, ulanylyş gerimini üzül-kesil giňeltmegi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Her bir döwrüň öz öňe çykarýan talaplary hem çözmeli meseleleri bolýar. XXI asyry tutuş dünýä boýunça alanyňda, aňyýet we tehnologik asyry diýip atlandyrmak dogry bolardy» diýip nygtaýar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň: «Çagaňa dili manysy bilen öwret!» diýen sargydynda-da diliň aňyýeti ösdürmekdäki hyzmatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Aňyýeti ösdürmekde-de, döwrebap bilim alyp, ösen tehnologiýa erk etmekde hem ene dilimiziň ähmiýeti uludyr.

Mährijemal ANYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň mugallymy.