Hadysasyz ýollaryň aladasy

4 Sentýabr 2024
46

Güneşli Diýarymyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk başlandy. Ýurt boýunça geçirilýän bu çäräniň ilimiziň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynda ähmiýeti uludyr. Şonuň üçinem şu çäre ählihalk işine öwrülýär.

Abadan durmuşymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen möhüm işlere biz hem işjeň gatnaşýarys. Bölümçämiziň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmagyň meselesine-de uly üns berýärler. Biz raýatlar we çagalar bilen guralýan duşuşyklarymyzda maşgalamyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň özümize baglydygyny düşündirýäris.