Ýoluňyz ak bolsun!

4 Sentýabr 2024
41

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň aýdyň ösüşleriniň miwelerini, gazanylýan netijeleri her ädimde görmek bolýar. Ajaýyp hem bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň, owadan, dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelen döwrebap ýollary gurduryp, halkymyzyň hyzmatyna berýär. Ýaşaýşyň gözelligi, ynsanyň rahatlygy, maşgala abadanlygy bolsa, köp babatda ýol hereketiniň abatlygy bilen baglydyr. Ýollaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlygyň yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny, maşgala abadançylygyny ähli zatdan ilerde goýýandygyny aýan edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişi bilen bagly giň gerimli çärelere halkymyz uly höwes bilen gatnaşýar.

Rowaçlanýan Watanymyzda gurulýan we durky täzelenýän giň, ýagty we aýna ýaly tekiz awtomobil ýollarynda ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşykly, sürüjileriň seresaply, hüşgär bolmagy möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurt derejesinde geçirilýän bu ählumumy çärä Harby awtomobil gözegçiliginiň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda guralýan çäreler pyýadalar bilen sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň sazlaşygyny gazanmaga ýardam berýär, şeýle hem bolup biläýjek ýol-ulag hadysalarynyň hem-de olaryň öňüni almak babatda ilatyň düşünjeliligini artdyrýar.

Zafar HUSEÝNOW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.