Özara tejribe

4 Sentýabr 2024
32

Ýakynda podpolkownik Nurmyrat Eminowyň serkerdelik edýän harby bölüminde Döwlet serhet gullugymyzyň ähli serhet birikmeleriniň we harby bölümleriniň terbiýeçi serkerdeleriň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygy geçirildi. Onuň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gulluk-söweşjeň işlerini guramakda harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyna baha berlip, şahsy düzüm bilen okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini has-da kämilleşdirmekde anyk wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de terbiýeçi serkerdeleriň hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen tejribe okuw sapaklary guraldy. Mähriban Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pähim-paýhaslary esasynda alnyp barylýan taryhy işler, mukaddes dost-doganlyk serhetlerimizde harby gulluklaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiz üçin döredilýän şertler dogrusyndaky çykyşlar has-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Bulardan başga-da, okuw ýygnanyşygynda harby düzgün-nyzamy berkitmekde, ýaş esgerleriň arasynda wagyz-nesihat, döredijilik duşuşyklaryny, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy hem medeni dynç alyş merkezlerine yzygiderli gezelençleri guramak, bu işde weteranlar geňeşine, zenanlar guramasyna uly orun bermek barada hem nygtaldy.

Okuw ýygnanyşygynyň netijesi boýunça tapawutlanan serkerdelere mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Allamyrat ÝALKANOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik.