Pederlerimizi hormatlap

4 Sentýabr 2024
29

Ýakynda maýor Parahat Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň serkerdeleri we göreldeli esgerleri etrapdaky kitaphanada gezelençde boldular. Häzirki zaman döwrebap kitaphanany türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň şahyr ogullarynyň şirin şygyrlary jemlenen, halkymyzyň taryhy, asuda, parahat Watanymyzyň ösüşleri özgerişleri hakyndaky kitaplar bezeýär. Kitaphana işgärleriniňGahryman Arkadagymyzyň ata Watan, ene toprak hakyndaky kitaplaryndan täsirli maglumatlary, hekaýatlary, rowaýatlary gürrüň bermekleri, ýaş esgerlerde ene topraga bolan söýgini has-da artdyrdy. Bulardan başga-da, merdana serhetçilerimiziň türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny labyzly okamaklary has-da täsirli boldy. Şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik oglunyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kitaphanada alnyp barylýan işler, täze çap edilen kitaplar dogrusynda wideoşekiller görkezildi.

Döwran BABAÝEW,
maýor.

Bagtyýar JURAÝEW,
kapitan.