Harby atlar dakyldy

4 Sentýabr 2024
38

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýagty geljegiň eýeleri bolan ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur almak bilen, ýakynda maýor Orazdurdy Meredowyň serkerdelik edýän harby bölüminde maýor Wladimir Gasparýanyň ýolbaşçylygynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasyndan kiçi serkerdeler düzümine dalaşgärler saýlanyp alyndy we olar bilen okuw ýygny geçirildi. Onuň dowamynda söweşjeň we gumanitar taýýarlygyndan okuw sapaklary guralyp, tabynlygyndaky şahsy düzüm bilen terbiýeçilik işlerini alyp barmagyň usullary öwredildi hem-de degişli synaglar kabul edildi. Okuw ýygnynyň jemlenmegi bilen, harby bölümiň serkerdesi tarapyndan çagyryş boýunça harby gullukçylara «Kiçi seržant» harby atlary dakyldy.

Peder pentleri

Kamila SEÝIDOWA,
kapitan.