Yhlasymyz ýerine düşýär

4 Sentýabr 2024
49

Hormatly Prezidentimiz adam hakyndaky aladany uly döwlet syýasatynda mydama ileri tutýar we bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Biz gündelik işimizi şol jogapkärli wezipelerden ugur alyp guraýarys.

Ynsan saglygyny goramakda ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly we howpsuz guramak möhüm ähmiýete eýedir. Ulaglaryň sanynyň artýan şertlerinde degişli kadalary hem-de ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini berjaý etmek esasy talaplaryň biridir. Biz bular barada häzirki günlerde dowam edýän biraýlygyň çäginde geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde giňden durup geçýäris. Bu işler edara-kärhanalar bilen birlikde bilim edaralarynda, ilatyň arasynda hem alnyp barylýar.

Soltan BAÝRAMOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.