Atadan pentli meýdan

3 Sentýabr 2024
53

Obanyň günbatar — günorta tarapyndan niýetlenen ýerden bölünip berlen täze mellegi ädimme-ädim diýen ýaly gözden geçiren Abdylla aga çil çekmek bilen gümra bolup, işläp ýören ogludyr gelniniň ýanynda aýak çekdi-de, olara ýüzlendi:

— Allamyrat, Ogulşeker, tüweleme, mellegiňiz-ä tüýs diýýäniňiz bolupdyr. «Kesewiňi dürtseňem gögerdýär» diýlip, öwgüsi ýetirilýän ýer şü. Akar ýabyň hem gyrasy. Mellek üçin suw gerek bolanda, açjak gulagyň hem hiç adam bilen dahylly däl. Nesip etsin, ýurt garşy alsyn, mellegiňiz rysgal-döwletli bolsun!

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.