Miwelerdäki syrly belgiler

3 Sentýabr 2024
66

Gündelik durmuşymyzda bazarlarda we dükanlarda miwe satyn alýan wagtyňyz ondaky kiçijek ýelmentgileri hemmäňiz görýänsiňiz. Kompaniýanyň ady öndüriji zawod üçin gowy mahabat bolup durýar, emma ol kiçijek ýelmentgilerde dürli sanlar bar. Eger sanlaryň mukdary 4 sandan ybarat bolsa, onda olar 3 ýa-da 4 diýen sanlar bilen başlaýar. Bu sanlaryň toplumy miweleriň iň çalt ösdüriji serişdeler we usullar arkaly, ýagny dökünleriň we pestisidleriň kömegi arkaly ösdürilip ýetişdirilendigini aňladýar. 5 sandan ybarat, 9 diýen san bilen başlanýanlar: bu iň gowy önüm bolup, adaty, ýönekeý serişdeler hem-de usullar arkaly ösdürilip ýetişdirilen önümler hasaplanýar. Şeýle miweler tebigy şertlerde ösdürilip ýetişdirilýär.

5 sandan ybarat bolan kod, emma başy 8-lik san bilen başlanýan bolsa, bu miweler GMO (Genetiki taýdan modifisirlenen) toparyna degişli. Bulara köplenç daşary ýurtdan gelýän gawunlar, banan hem-de papaýa degişli.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Sülgün ORAZÇIKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.