Berkararlyk. Jebislik. Rowaçlyk

29 Awgust 2024
91

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Häzirki günlerde ýurdumyzda bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Halk we­kil­çi­li­gi, onuň ge­lip çy­ky­şy, ta­ry­hy kök­le­ri ga­dy­my­dyr. Hal­ky­myz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­di­rip, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň hä­zir­ki za­man mil­li nus­ga­sy­ny dö­ret­di. Bu ýol dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ry­ny, mil­li däp­le­ri we ýö­rel­ge­le­ri özün­de jem­le­di. Kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyň çeş­me­le­ri­ne, hu­kuk tej­ri­be­le­ri­ne esas­la­nyp, türk­men hal­ky adam­zat paý­ha­sy­nyň, dün­ýä ösü­şi­niň ýo­lu­ny saý­lap al­dy. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti do­lan­dyr­ma­gyň sy­ýa­sy-hu­kuk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň mil­li däp-des­sur­la­ry­ny, adat­la­ry­ny, dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­tiň hä­zir­ki za­man nus­ga­sy­nyň öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.