Milli demokratiýanyň nusgalyk ýoly

28 Awgust 2024
67

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ata Watanymyza söýgüsi oňa bolan buýsanjy, belent maksada atarylan batly gadamyny, jebisligini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hyjuwyny has-da artdyrýar. Şonuň netijesinde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamymyzyň senenamasy şanly wakalaryň, ajaýyp üstünlikleriň hasabyna yzygiderli baýlaşýar. Şanly wakalar-da, gazanylýan zähmet ýeňişleri-de, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirligini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlanýandygyny, Watanymyzda bagtyýar durmuşyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan maksatnamalaryň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Dana hem merdana ata-babalarymyzyň, beýik Magtymgulynyň agzybirlik hakdaky pentlerine we ýörelgelerine ildeşlerimiziň ygrarlylygy, jebisligi mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da, Gahryman Arkadagly hem-de Arkadagly Gahryman Serdarly zamanada bütin aýdyňlygy bilen aýan bolýar. Biz muňa halkymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary ruhubelentlik bilen barýan häzirki günlerinde has-da aýdyň göz ýetirýäris.

Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,
«Bereketli toprak».