Şypahana ulgamynyň düzümi kämilleşdirilýär

27 Awgust 2024
231

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

«Mugallymlar gazeti».