Halk Maslahaty: halkyň bähbidine netijeli işler

27 Awgust 2024
192

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz mähriban ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, bu bereketli hem mukaddes toprakda ýaşaýan, işleýän, döredýän her bir ynsanyň mertebesini beýgeltmek babatynda deňsiz-taýsyz özgertmeleri amala aşyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şonuň netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar, halkymyzyň medeniýeti, jemgyýetçilik gatnaşyklary täze basgançaklara göterilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolsa, döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň

«Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň doly durmuşa geçirilýändigini, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan netijeleriň il-günüň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.