Gallaçy daýhanlar ekişe taýýarlyk görýärler

27 Awgust 2024
132

Güýzlük däne ekişi daýhanlarymyzyň öňünde durýan jogapkärli möwsümleriň biri bolup durýar. Ak bugdaý etrabynyň gallaçy daýhanlary hem möhüm möwsüme göwnejaý taýýarlanýarlar. Häzirki wagtda gyzgalaňly alnyp barylýan tekizlew we geriş çekmek işleriniň güýzlük däne ekişine taýýarlyk çärelerinde uly ähmiýeti bardyr. Agzalan meýdan işlerinde kämil oba hojalyk tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar yhlasly işleýärler.

Etrapda tohumyň taýýarlygyna hem uly ähmiýet gönükdirilýär. Tohumlyk hojalyklarynda taýýarlanan tohum degişli talaplara laýyklykda arassalanýar. Ekiji tehnikalary güýzlük däne ekişine taýýarlamakda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň we daýhan hojalyklarynyň abatlaýjy-hünärmenleriniň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu işler geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişine taýýarlykly girişmäge we guramaçylykly alyp barmaga şert döredýär.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.