Halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni

27 Awgust 2024
147

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halk Maslahaty türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň rowaçlanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, döwletli ýörelgelerimize, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň saýlap alan milli ösüş ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Halk Maslahatynyň her bir mejlisleri döwlet durmuşyndaky taryhy ähmiýetli waka öwrülýär. Umumymilli forumda eziz Watanymyzy yzygiderli ösdürmäge, halkyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen tutumlary durmuşa geçirmekde derwaýys wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Nesip bolsa, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda, Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär, halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar. Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri bolup durýar.

Annamyrat ÝOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygy.