Ýaşlar hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

27 Awgust 2024
69

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýokary ahlakly, bilimli, sagdyn ruhly, watansöýüji nesli kemala getirmek babatynda taýsyz tagallalar edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, şonuň çäginde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem ýaşlar hakdaky aladalaryň barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Bu zatlar berkarar Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin amatly hukuk şertlerini döretmekde, Watanymyza hem-de taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek has-da ýakymly. Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu Strategiýada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň dürli halkara forumlara gatnaşmagy daşary ýurtlardaky deň-duşlary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekde hem-de berkitmekde oňyn täsire eýedir.

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.