Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň täze ýaryşynda çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. 31-nji gezek geçirilýän ýaryşyň çärýek finalynda kubogyň häzirki eýesi «Arkadag» topary öz meýdançasynda «Şagadam» toparyndan 3–0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda gollary Şanazar Tirkişow (26), Arslanmyrat Amanow (75) hem-de Altymyrat Annadurdyýew (90+2) geçirdi. «Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasyndaky oýunda-da ýer eýeleri 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. «Altyn asyr» toparyna ýeňiş getiren gollary Röwşen Halmämmedow (7, 30) bilen Myrat Annaýew (63 p) derwezä girizdi. «Merw» toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 73-nji minutda Abdyresul Abdyýew öz adyna ýazdyrdy.
«Nebitçi» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky oýunda paýtagtlylar 2-1 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş bilen dolandylar. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda «Aşgabat» topary soňky minutlarda öňe saýlandy. 29-njy minutda Tirkişmyrat Sarymyradowyň goly bilen öňe geçen aşgabatlylaryň derwezesinden deňlik goluny 45+2-nji minutda Elýas Akyýew geçirdi. Oýnuň 85-nji minutynda bolsa Şyhberdi Baýnazarow «Aşgabat» toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Duşuşykda 4-si soňky minutlarda jemi 6 futbolça sary kart görkezildi.