Galkan şekilli mäziň gormonal işjeňliginiň bozulmalarynda ekstragenital patologiýa we akuşerçilik gaýra üzülmeleri

5 Awgust 2024
501

Maýa KAKAGELDIÝEWA
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana

Göwrelilik – bu göwredäki çaganyň ösüş döwründe aýalyň bedeninde bolup geçýän fiziologiýa hadysasydyr. Göwrelilik döwründe aýal bedeni enäniň we göwredäki ösýän çaganyň bedeniniň arasynda sazlaşykly aragatnaşygy döretmäge gönükdirilen çuňňur üýtgeşmelere sezewar bolýar [1-4, 9]. Göwrelilikde galkan şekilli mäziň (GŞM) işjeňligi hem üýtgeýär, onuň gormonlary nerw we ýürek-damar ulgamlaryna, ähli görnüşli madda çalşygyna, bedeniň uýgunlaşma reaksiýasyna hem-de göwredäki çaganyň ösüşine gönümel täsirini ýetirýär [10, 12, 14].