Halk lukmançylygy Andyz hem gunduz hakynda

2 Awgust 2024
518

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda andyzyň peýdasy barada şeýle ýazýar: «Halk lukmançylygynda andyzyň petini garaguş keselinde, bokurdak we diş agyrylarda peýdalanmak maslahat berilýär. Andyzyň buga tutulan köküni çykuwlaryň üstüne goýsaň, ony ýarýar we içdäki iriňdir jerhedini sorup çykarýar. Bu ösümligiň örän güýçli iç sürüji hem peşew çykaryjy häsiýeti bardyr.

Andyz, esasan, türkmen halk lukmançylygynda içdäki sanjyny aýyrmak üçin giňden ulanylýar. Şu melhemlik häsiýeti boýunça hem ol meşhurlyk gazanypdyr».

Taýýarlan Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.