TÜRKMENISTAN PARIŽ OLIMPIADASYNDA

31 Iýul 2024
477

SALAM, PARIŽ!

Türkmen wekiliýetiniň Fransiýa ilkinji ädimi halkara howa menzilinden gözbaş aldy. Zemin bilen asman arasynda geçirilen sagatlaryň, minutlaryň dowamynda hakydada janlanan pursatlar düýş ýaly bolup göz öňümizden geçdi. Çünki türkmen türgenleri bu gün uly sport baýramyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagtynyň gujagyna doldular. Biziň hiç birimiz daşymyza çykarmasagam, her bir adam hyýalynda Pariž bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň täsirlerini başdan geçirendir. Biziň «Salam Pariž!» diýen içki seslenmämize meýletinçiler: «Hoş geldiň, Türkmenistan!» diýip jogap berdiler.

Hojaberdi APBAÝEW
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory. Aşgabat-Pariž.