Güýçli türgenleri saýlan ýaryş
Şu ýylyň 15 — 19-njy iýuly aralygynda Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Boks federasiýasy tarapyndan 2008 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 14 agram derejesi boýunça ýaş türgenleriň 157-si gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky aladasyny durmuşa geçirmekden, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna türgenleri seçip almakdan we Türkmenistanda sportuň boks görnüşini wagyz etmekden hem-de ösdürmekden ybarat boldy.