Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, beýleki jemgyýetçilik guramalary, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan guralýan sport- sagaldyş çäreleri bagtyýar çagalarda uly ruhubelentlik döredýär.
Çagalaryň dynç alşynyň many-mazmunyny we sporta höwesini artdyrmak, sportuň kiçi futbol, woleýbol, tanap çekmek görnüşleri boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen nobatdaky ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Oňa toparlaryň birnäçesi gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdiler. Netijede, kiçi futbolda «Güneş», woleýbolda «Gala», tanap çekmekde «Ruhubelent» toparlary üstün çykdy.