Ruhubelent çagalar bäsleşdi

2 gün öň
48

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport ýaryşlary geçirildi. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» atly sport ýaryşlaryna merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Bagtyýar çagalar sportuň hereketli oýunlar, kiçi futbol, şaşka, küşt görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Çagalaryň şadyýan dynç almagyny, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy. Netijede sportuň hereketli oýunlar görnüşinde «Merdana nesil», kiçi futbolda «Bagtyýarlyk», şaşkada «Ruhubelent», küştde «Galkan» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar