Joşguna we şatlyga beslendi

5 Iýul 2024
33

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe hem-de Bäherden etrap Geňeşleri tarapyndan Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen medeni-dynç alyş we sport çäreleri örän gyzykly boldy. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden dynç alyp, saglygyny berkitmäge gelen çagalar bu çäre işjeňlikde goşuldylar.

Çagalaryň dynç alşynyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini ýokarlandyrmak, sungata we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu çärede labyzly goşgy okadylar, surat çekdiler, dürli şekilleri ýasadylar, el hünärine degişli işleriň sergisi bilen tanyşdylar.

Baýrammuhammet ÖWEZGELDIÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar