Jahanyň bagt ýyldyzy

2 gün öň
19

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň äleme dolmagy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Hak iş etseň, hak biler»  diýen parasatly nesihatynyň hakykatdygyny ýatladýar.

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli, bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habary  Milli Liderimiziň beýik işlerinden tutuş  älemiň hoşaldygynyň alamaty bolup, giň jahana doldy.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».