Durmuş syýasatynyň baş maksady

2 gün öň
27

Maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy, sagdyn nesliň kemala getirilmegi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijilerini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky  alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzda her maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz milli döwletliligimiziň berkarar bolmagynda maşgala gymmatlyklarynyň sarpalanylmagyna aýratyn üns berýär. Hut şu maksatlardan ugur alnyp, Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi bolan bagtyýar nesillerimizi ynsanperwer, milletimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirýändikleri üçin eziz enelerimize aýratyn hormat goýup, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen birnäçe eneler her ýyl Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolýarlar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.