Ýurt garşy alsyn!

2 gün öň
26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlanýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 28-nji iýunynda şeýle döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýlarynyň ýene biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanylmaga berildi. «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen 4 gatly, 32 öýli bu döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýy gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgala agzalaryna ajaýyp sowgat boldy.

Dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen bu döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýyndan öýli bolan Türkmenistanyň  Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary täze jaýlaryň açarlaryny maňlaýlaryna sylyp, geljekde hem ata Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Dabaranyň geçýän ýerinde toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyrylyp, milli ýörelgelere uly ähmiýet berildi.

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.