Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

2 gün öň
26

Begenç HALBAÝEW,
Ýolöten etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekilleriniň bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory:

— Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary esasynda Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, degişli edara-kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çözgüdiniň netijesinde guruljak durmuş maksatly döwrebap desgalar Arkadag şäheriniň ýaşamak we zähmet çekmek üçin has-da oňaýly mekana öwrülmegini şertlendirer. Abraýy barha artýan «akylly» şäher hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň hem-de agzybir raýatlarymyzyň tutanýerli zähmetiniň miwesidir.

«Adalat».