Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan sallançak törleriň bezegi, öýleriň ýaraşygy hasaplanýar. Sallançaklaryň şekil taýdan nämä meňzedilip ýasalandygy baradaky gyzykly maglumatlar bolsa halkymyzyň ýagşy ynam-ygtykatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halk arasynda ýörgünli bolan gürrüňler, rowaýatlardyr tymsallar sallançagyň şekili hakyndaky pikirleri has-da baýlaşdyrýar.
Sallançagyň täze dogan Aýa meňzedilendigi baradaky pikirler hem ata-babalarymyzyň maňlaýa sylyp togap edýän mukaddeslikleriniň biri bolandygyndan gözbaş alýar. Täze doglan bäbejik, täze dogan Aý ýüze sylynyp togap edilipdir. Sallançaklar hem şeýle mukaddeslik derejesinde sarpalanypdyr.