Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleriň sanyny artdyrmak babatda-da uly tagallalar edilip, bu ugurda oňyn netijeler gazanylýar. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýlup, halkymyzyň baý taryhynyň gymmatlyklaryny öwrenmek işi üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda hem bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet hasabynda durýan taryhy we medeni ýadygärlikleriň 1400-den gowragy bolup, şolaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Olara Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikleri mysal getirmek bolar. Açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeý hasaplanýan bu ýadygärlikler döwlet taryhy-medeni goraghanalary derejesine eýedir. Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ajaýyp ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyk hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Soňky ýyllarda halkara ylmy bileleşigiň ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärliklere gyzyklanmasy has-da artýar.