Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany bolup işlän döwründe görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgäri, milletiň Lideri hökmünde, dünýäde giňden ykrar edilen, baý tejribesini umumymilli maksatlara gönükdirip, mähriban Watanymyzyň at-abraýyny belent derejelere ýetiren Beýik Şahsyýetdir. Milli Liderimiziň dürli ýyllarda öňe süren daşary syýasy başlangyçlary ählumumy goldawa eýe bolup, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde, 2-nji martda Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 32 ýyl boldy. Bu döwürde BMG bilen köpugurly gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkmen döwletiniň başlangyjy esasynda bu abraýly guramanyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň köp sanlysy kabul edilip, olar ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirildi.