Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy abadançylygyň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap ilerletmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmelidigini nygtap, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini tabşyrdy. Şeýle hem welaýat häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny hem-de “Soňky jaň” dabarasyny geçirmäge taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.